Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda täze kanun taslamalaryna garalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda täze kanun taslamalaryna garalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň şu gün --- 30-njy noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatynda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurduň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň D.Gulmanowa aýtdy. Şeýle-de ol döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Braziliýanyň täze ilçisi işe başlady
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belgiýa Patyşalygynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi