10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žýulýen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini döwlet Baştutanynyň adyndan Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Ilçi Belgiýanyň Patyşasy Filippiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda belgiýaly diplomat möhüm ugurlarynyň biri umumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berdi.Durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi.Onuň çäklerinde ýurduň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk, ylmy merkezleriniň, sport we medeni maksatly desgalaryň, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.Türkmen-belgiýa parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklaryň giňeldilmegi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer dialogyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
Duşuşygyň ahyrynda Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žýulýen de Fraýpon iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_675a29c0e32a1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675a29c0e32a1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }