Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Alžiriň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Alžiriň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksatlary hem-de dürli ulgamlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Alžiriň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Mejlisiň Başlygy Nikaraguanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady