Türkmenistanyň Mejlisinde OHCHR-nyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde OHCHR-nyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy. Bu barada mejlis.gov.tm habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 29-njy maýda bolan duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şunda milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletiň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan we ÝB ulag hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisi ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Mejlisiň başlygy ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy