Türkmenistanyň Mejlisinde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakyndaky Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Mejlisinde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakyndaky Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Mejlisinde häzirki wagtda degişli iş toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, "Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de "Bedenterbiýe we sport hakynda", "Tohumçylyk işi hakynda" kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde milli parlamentiň ýolbaşçysy aýtdy.

Mejlisiň Başlygy şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan çäreler, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýurtda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýandyklary barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi