Türkmenistanyň Mejlisi ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Mejlisi ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň Türkmenistanda täze bellenen ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Milli Parlamentiň başlygy myhmany BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem, köp ýyllyk oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan bilelikdäki meýilnamalaýyn işlere aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Mejlisinde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi