Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler

Şu ýylyň 25 — 28-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Kazan şäherindäki Piramida medeni dynç alyş toplumynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Nebitgazhyzmat paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň garamagyndaky Galkynyş folklor-tans topary çykyş etdi.

Türkmenistanyň döredijilik toparynyň çykyşyna halkara festiwala gatnaşyjylar ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa hem-de Galkynyş folklor-tans topary festiwal guraýjylaryň ýokary sylagyna mynasyp bolup, Diplom bilen sylaglandylar.

Gadymy döwürlerden bäri gündogar bazary dürli medeniýetleriň, birek-birege hormat goýmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň birleşýän ýeri bolup durýar.Aýdymlar bolsa hemmeler üçin düşnükli, islendik halkyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.

Festiwalyň köptaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup, türki we gündogar dünýäsiniň taryhy, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow halkara festiwalyň dowamyndaky çykyşynda belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen sungat ussatlary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
HALKARA MILLI MEDENIÝETLER FESTIWALY
Galkynyş tans topary hem-de Züleýha Kakaýewa Kazandaky Gündogar bazary festiwalynda çykyş etdiler
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
AŞGABAT AZIADASYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY