Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi — 2018

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp...” atly konsert geçirildi.Onda ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň çykyşy boldy.Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungaty eseriniň sergisi we ylmy maslahat geçirildi.Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet öýünde Kaka etrabynyň halk teatrynyň sahnalaşdyrylan çykyşlary boldy.

Bu gezekki Medeniýet hepdeligi özboluşly ýubileý çärelerine gabat geldi. 10 ýyl mundan ozal, 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda türkmen opera sungaty täzeden dikeldildi.Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde amala aşdy.

Ilki bilen “Şasenem we Garyp” operasy sahna dolandy.Soňra “Leýli we Mejnun”, “Zöhre we Tahyr”, “Görogly”, “Magtymguly”, “Ýusup — Züleýha”, “Aýna”, “Saýatly — Hemra”, “Ruhubelentler” operalary onuň dowamy boldy. Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna “Hüýrlukga —Hemra” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda görkezilen sahna eseriniň esasynda “Hüýrlukga — Hemra” dessanynyň mazmuny bar.Sahnada özboluşly halk sazlary ýaňlandy. Şunlukda, eseriň we ony ýerine ýetirmegiň halkylygyna aýratyn ähmiýet berildi.

Opera saz eseriniň nepisligi, onuň baýlygy, milli öwüşgini hem-de duýgularyň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar.Sahna eseri bu ugruň muşdaklaryna bolşy ýaly, islendik tomaşaçy üçin ýakyn we düşnükli boldy.

Asylly däbe görä, şunuň ýaly giň möçberli sahna eserine diňe bir ýörite hünärli artistler däl, eýsem, ýurdumyzyň çeperçilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar. Ýaş zehinler baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdylar. Şeýlelikde, artistler öz ussatlyklary bilen iki ýaş juwanyň ýürek söýgileriniň taryhyny janlandyrdylar.

Täze eseriň sazly dramaturgiýasynda sahnanyň häzirki zaman mümkinçilikleri doly ulanyldy.Onuň dowamynda hor aýdymlary we horeografiýa pursatlary ýaýbaňlandyryldy.Köpugurly sahnanyň mümkinçilikleri onda janlandyrylýan wakanyň has-da ynandyryjy bolmagyny şertlendirdi.

Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri bada-bat özüne çekýär we olary sahna oýnunyň dünýäsine aralaşdyrýar.Eser Hysrow patyşanyň köşgündäki wakadan başlaýar.Patyşa jadyly Erem bagyndan ajaýyp bilbili ele salmagy arzuw edýär.

Artistleriň owazlary, deprekleriň gümmürdisi sazlaşykly urýan ýürekleri ýatladýar.Kirişli saz gurallary bolsa kalbyň owazyny janlandyrýar.Halk owazlary we joşguny diňleýjileri sahna eseriniň wakalary bilen tanyşdyrýar.Döredijilik toparlarynyň artistleri türkmen halkyna mahsus häsiýetleri, wepalylygy we edýän hereketine bolan ynamy janlandyrmagy başarypdyrlar.

Däpleriň, dünýägaraýyşlaryň, wepalylygyň, namys we söýgi ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar. Şeýlelikde, “Hüýrlukga — Hemra” diňe bir medeniýet nukdaý nazaryndan däl, eýsem, ýaş nesilleri terbiýelemek babatda hem ähmiýetlidigini äşgär etdi.

Köpçülikleýin dabara sahnasy oýnuň jemleýji tapgyryna öwrüldi.Artistleriň belent ruh bilen ýerine ýetiren aýdymlary milli medeniýetimiziň ösmegine we onuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandy hem-de yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

26.06.2018 | Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda - “Hüýrlukga — Hemra” operasy
18.04.2018 | Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi