Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Sylapberdiýewiç Eýeberdiýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ismail Jumamyradowiç Orazow Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurberdi Altyýewiç Hojaýew Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenip, ol Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Söhbet Orazgeldiýewiç Serbazow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmeňli Hojadurdyýewiç Igdirow Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Dädebaýewiç Şallyýew Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.