Şu gün Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi.Ara alyp maslahatlaşmalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, belli alymlar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Olar Germaniýada geçýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki Bürünç asyrynyň şalygy” diýen sergi üçin nemes we türkmen hünärmenleri tarapyndan ýörite taýýarlanylan neşir bilen tanyşdylar.
Owadan fotoalbom görnüşde çykarylyp, ylmy-populýar makalalar bilen berlen bu giň göwrümli katalog ady rowaýata öwrülen Margiana ýurdunyň gadymy gymmatlyklary barada gürrüň berýär. Margiana Gadymy Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa bilen bir hatarda abraýly alymlaryň ykrar etmegine görä, dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Murgap derýasynyň ugrunda ýerleşen täsin taryhy künjegi öwrenmek işinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny bellediler. Çykyş edenler türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny, şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini öwrenmäge we gorap saklamaga, şeýle hem gadymyýetiň çuňluklaryndan biziň günlerimize gelip ýeten ruhy-ahlak gymmatlyklara berýän uly ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris diýip nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýy yzygiderli artýar.
Şygary “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen ýylda türkmen we nemes barlagçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen işlenip taýýarlanylan neşir dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine gymmatly goşant goşan ýurtlaryň we halklaryň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisine ajaýyp sowgat boldy. Milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek üçin onuň uly ähmiýeti bardyr.
Ajaýyp bezelen katalog birnäçe degişli bölümlerden ybarat bolup, gadymy we kuwwatly Margiananyň durmuşynyň dürli ugurlaryny yzygiderli beýan edýär, şonuň netijesinde, okyjy beýik türkmen döwletiniň haýran galdyrýan keşbini göz öňüne getirýär.
Okyjy neşiriň sahypalary boýunça syýahat edip, gadymy siwilizasiýanyň taryhyna aralaşyp biler, onuň özboluşly medeniýetine, ajaýyp binagärligine, biziň eramyza çenli III-II asyrlaryň altyndan, bürünçden we piliň süňkünden taýýarlanan täsin önümlerine göz ýetirer.
Olaryň köpüsi häzir Berliniň Täze muzeýinde ýaýbaňlanan sergä girizildi.Güýzde bolsa bu sergi Germaniýanyň beýleki şäheri bolan Gamburga, ondan soň bolsa Mangeým şäherine geçer.
Margiana, Marguş, Merw — bu atlar taryhyň üznüksiz hatarlaryna gymmatly monjuk däneleri hökmünde düzülendir. Olar gadymy türkmen topragynda bolup geçen hem-de bütin dünýä täsir eden beýik wakalar baradaky hakydany saklaýar.
Meşhur barlagçylaryň baha bermegine görä, ajaýyp arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan dünýä açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris.
Ady rowaýata öwrülen Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepe öz döwrüniň iri şäheri bolupdyr, onuň mirasdüşeri Merw bolsa Gündogaryň medeni we ylmy merkezi hökmünde şöhratlanypdyr.Margiana baradaky ilkinji ýazuw ýatlamalary zoroastriýalylaryň “Awesta” diýen mukaddes kitabynda saklanýar hem-de takmynan biziň eramyza çenli VIII — VI asyrlara degişli edilýär. Şondan soňra senanamany düzüjiler Gadymy Merwi “Horasanyň şäherleriniň enesi”, “Älem jahany saklaýan şäher”, “Şalaryň ruhy” diýip atlandyrypdyrlar.
Baý kitaphanalary hem-de kitap saklanýan ýerleri bilen meşhur bolan şäherde dürli döwürlerde ajaýyp alymlar, pelsepeçiler we şahyrlar: lukmançylyk ylmynyň esasyny goýan Abu Ali ibn Sina, şahyr hem-de akyldar Omar Haýýam, astronom Ahmad ibn Abdallah al-Merwezi, şahyr Enweri, söýgi ugrunda öňüne geçilmedik ussat, beýik “söýginiň we gözelligiň aýdymçysy” Mollanepes ýaşapdyr.
Häzir Margiananyň meşhurlygy bütin dünýäden bolan taryhy öwrenijileriň we oňa sarpa goýýanlaryň arasynda ençeme asyrlar mundan öňdäki döwürlerden pes däldir. Şu ýylyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Berliniň Täze muzeýinde “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki Bürünç asyrynyň şalygy” diýen adybir sergi geçýär. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklaryndan oňa girizilen eksponatlar daşary ýurtda ilkinji gezek görkezildi.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde mümkin boldy.Munuň şeýle bolmagyna “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Kanunyň kabul edilmegi hem ýardam berdi.
Bu Kanun iki ýyldan gowrak mundan öň güýje girdi.
Bäş müň ýyl töweregi mundan ozal türkmen topragynda peýda bolan siwilizasiýanyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýän gadymy gymmatlyklaryň ýüzlerçesini özünde jemlän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” diýen sergi türkmen halkynyň baý döredijilik däpleri, gadymky ussatlaryň örän inçe sungaty barada gürrüň berýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmäge, dünýäde maddy we ruhy mirasy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge toplumlaýyn we düýpli ylmy çemeleşme döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şunda milletimiziň bahasyz taryhy-medeni gymmatlygyny saklaýjylar bolan ýurdumyzyň muzeýlerine, iri ylmy merkezlere aýratyn orun berilýär.
Halkymyzyň gadymy, bäş müňýyllyk taryhy, onuň özboluşly däpleri, täze eýýamda Türkmenistanyň deňsiz-taýsyz gazananlary—bularyň ählisi baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän şu ýylda guralýan bu sergi aýratyn uly ähmiýete eýedir, ol köp sanly daşary ýurtly myhmanlara taryhyň gadymy döwürlerinde Gündogaryň patyşalyklarynyň arasynda gatnaşyklaryň kemala gelip başlandygyna şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Gadymy Margiananyň çäklerinde geçirilen köp ýyllyk gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar, hususan-da, W.Sarianidiniň ýolbaşçylyk eden ylmy-barlag toparynyň gadymy Marguşyň çäklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaran tapyndylary munuň aýdyň subutnamalary boldy.
Matam esbaplary hem-de bu gadymy ýurduň ýaşaýjylarynyň täsin bezeg şaý-sepleri bilen haýran galdyrýar.Daşdan, metaldan, pil süňkünden hem-de palçykdan ýasalan hem-de senetkärleriň we heýkeltaraşlaryň başarnykly elleri bilen nepis kulal gap-gaçlaryna öwrülen bu ýokary çeperçilikli gymmatlyklar hudaýlaryň şekillerini emele getirip, Goňuryň we beýleki gadymy Margiana obalarynyň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr.
Gadymy döwürlerde Ýeriň galyň gatlagynyň astynda gizlenen bu bahasyna ýetip bolmajak tapyndylar häzir Türkmenistanyň muzeýleriniň birnäçesinde saklanylýar. Patyşa köşgi hem-de onuň töweregindäki beýleki keramatly ýerler “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalarydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa toplumlary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde medeniýetiň we sungatyň ösüş derejesi barada düşünje berýär, ägirt uly Goňurdepe şäheriniň galyndylary onuň merkezi bolupdyr.
Duşuşyk tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň zallary boýunça gezelenç guraldy. Tanyşdyryjylar bu ýere ýygnananlary Margiananyň täsin arheologiýa tapyndylarynyň toplumy: adamlaryň, haýwanlaryň şekiljikleri, dürli möhürler, Marguşyň gözel zenanlarynyň kosmetika degişli enjamlary, altyn gap-gaçlar, bezeg şaý-sepler, monjuklar bilen tanyş etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen medeniýetini öwrenmek we wagyz etmek meselelerine berýän ünsi, şeýle hem parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de ähli ýurtlar we halklar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.