Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze awtobus ugurlarynyň onlarçasy peýda boldy

Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze awtobus ugurlarynyň onlarçasy peýda boldy

Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sowgat berlen HIASE we COASTER kysymly ýapon awtobuslarynyň 200-den gowragy welaýatyň ýollarynda ýolagçy gatnadyp başlady. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazeti habar berýär.

Täze ulaglaryň gatnawa goşulmagy bilen welaýatda täze ugurlaryň birnäçesi açyldy. Awtobuslar Mary şäherinde we etraplara ýolagçylary gatnadýarlar.

Maryawtoulag önümçilik birleşiginiň wekili Rahym Orazlyýew täze ulaglaryň juda amatlydygyny nygtaýar. Täze awtobuslar birleşigiň Ýolöten, Tagtabazar we Baýramaly etraplaryndaky kärhanalaryna hem bölünip berildi.

Awtobuslaryň Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Tejen ― Mary böleginiň açylyş dabarasynda sowgat berlendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistan Singapur
18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 altyn, 21 kümüş we 12 bürünç
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabynda 62 medal bar.