Türkmenistanyň günortasynda dowam edýän çabgaly ýagyşlar Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek wehimini salýar. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri sebitdäki suw howdanlarynyň dolup-daşmak ähtimallygyny duýdurýarlar.
Hususan-da, Mary welaýatyndaky Orta Hindiguş we Aşaky Hindiguş suw howdanlarynyň erňeklerini berkitmek, bent gurmak işleri gije-gündiz alnyp barylýar. Iki suwa howdany hem Mary şäheriniň derejesinden 1,50 metr çemesi belentlikde ýerleşýär.
Emma iň uly howp-hatar has uly suwa howdany bolan Saryýzydan abanýar. Bu suw howdanynyň suwunyň möçberi 260 mln kub metre baraba bolup, ol häzir dolup-daşmagyň öň ýanynda dur.
Oba we suw hojalygy ministrliginiň ýerli bölümlerine degişli tehnikanyň hem uly böleginiň çekilendigine garamazdan, Mary welaýatynda ýerleşýän we berkitme işleri bilen meşgullanýan harby birikmeler bu işiň hötdesinden gelip bilmeýär.
Olara kömek üçin Ahal welaýatyndaky harby bölümlerden hem esger ugradyldy.Suw howdanlarynyň golaýynda çadyrlary dikip, harby gullukçylar üçin wagtlaýyn lager döredildi.Esgerler el bilen haltalary gumdan doldurýarlar we soň olary dikuçarda suw howdanlarynyň kenarlaryna eltýärler.
Tagtabazar etrabynyň Saryýazy we Ymambaba obalarynyň ýaşaýjylaryna wagtlaýyn beýik ýerlere, baýyr-depeleriň üstüne göçmek maslahat berildi. Maşgalalaryň köpüsi baýyr-depeleriň üstünde türkmen öýüni, çadyr ýa-da wagtlaýyn çatma dikindi.
Suw bendi böwsen ýagdaýynda, Ýolöten, Murgap etraplaryna, Mary şäherine suw astynda galmak howpy abanýnar.
“Gismeteo” howa çaklamalarynyň maglumatyna görä, ýakyn günlerde Mary welaýatynda ýagyşly günleriň bolmagyna garaşylýar.