Türkmenistanyň Mary welaýatyna Russiýadan 6 müň tonna bugdaý tohumy getiriler

Türkmenistanyň Mary welaýatyna Russiýadan 6 müň tonna bugdaý tohumy getiriler

Türkmenistanyň Mary welaýatyna Russiýadan “Alekseiç” we “Bezostaýa” görnüşli bugdaý tohumlarynyň jemi 6 müň tonnasy getiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Mary welaýatyna Russiýadan ýokary hasyllylygy, sowuga we guraklyga çydamlylygy, kesellere we ýykylma durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu bugdaý tohumlarynyň 1000 tonnadan gowragy gelip gowuşdy.

Tohumlaryň bu görnüşleri Mary welaýatynyň hemme etraplarynda jemi 35 müň 500 gektar meýdana ekiler.

Bugdaý tohumlarynyň şeýle giň möçberde täzelenmegi oňat gögerişiň alynmagyny we hasyllylygyň ýokarlanmagyny kepillendirýär diýip, habarda aýdylýar.

Şu ekiş möwsüminde Mary welaýatynyň 170 müň gektar meýdanynda bugdaý hasyly ösdüriler. Bu möwsüm üçin 39 müň tonnadan gowrak tohumlyk däne taýýar edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan getirilen bugdaý tohumlaryndan ýokary hasyl ýetişdi
Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär
12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask ýene-de baý boldy