Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň globallaşmagy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän düýpli makroykdysady özgertmeler Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine getirdi. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen geçirilýän giň gerimli reformalar maliýe ulgamyny ösdürmekde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki bähbitlerini, ýurdumyzyň dünýä bileleşigine we ählumumy ýagdaýlara goşulyşmagyny göz öňünde tutmak arkaly durmuşy ugur edinýän çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady.

Ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň globallaşmagyna aralaşmazdan öň ilki maliýe ulgamynyň düýp manysyny açyp görkezmek zerurdyr.Maliýe ulgamy bu degişli guramalar tarapyndan dolandyrylýan pul toplumlaryny we gaznalaryny döretmek hem-de ulanmak sebäpli önümçilik we önümçilik däl işiň dürli ugurlarynda emele gelýän, biri-birlerinden bölünip aýrylan, ýöne özara baglanyşykly maliýe gatnaşyklar gurşawynyň we düzümleriniň jemidir.

Türkmenistanyň maliýe ulgamyna döwlet maliýesi, kärhanalaryň maliýesi we ätiýaçlandyryş guramalarynyň maliýesi degişlidir.Maliýe ulgamynyň her bir düzüm bölegi öz nobatynda maliýe arabaglanyşyklarynyň içerki gurluşyna baglylykda kiçi düzüm böleklere bölünýär.

Globallaşmagyň häzirki döwürde dünýä maliýe ulgamynyň düýpgöter özgerýändigini göz öňünde tutsak, onda wagtyň geçmegi bilen ykdysadyýetiň maliýe bölegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň gurallary öz netijeliligini ýitirýänligi sebäpli, ýurdumyzyň ykdysady kanunlarynyň ençemesi gaýtadan işlenilip has-da kämilleşdirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda globallaşmagyň täsirini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň maliýe bölegini döwlet tarapyndanam düzgünleşdirmek ulgamy döwrebaplaşdyryldy.

Globallaşma dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýlidir. Dünýä hojalygynda bolup geçýän globallaşma prosesi biziň milli ykdysadyýetimizden sowa geçmeýär. Çünki milli ykdysadyýetimiz dünýä hojalygynyň bir bölegidir. Türkmenistanyň ykdysadyýeti soňky 5-6 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşiň görkezijisi boýunça ýeke bir sebitde däl-de, eýsem dünýä möçberinde hem öňdäki döwletleriň hatarynda durýar.

Belli bolşy ýaly, maliýe we bank ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek global ykdysadyýetiň berkarar bolmagynda örän möhüm şert bolup durýar. Halkara ykdysady guramalar halkara pul-maliýe gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmak prosesiniň esasy subýektleridir.

Şunda dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy halkara ykdysady guramalaryň işiniň daşky ulgamyny kemala getirýär, olaryň özara gatnaşyklaryna, şeýle hem milli hökümetler we maliýe taýdan kadalaşdyryjy edaralar bilen gatnaşyklaryna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda sebitleýin we global möçberde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly daýanç nokadyna öwrülen forumlaryň derwaýysdygyny we örän ähmiýetlidigini bellemek gerek.

Maýagözel Majekowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

“Maliýe” kafedrasynyň uly mugallymy

The post Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň globallaşmagy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 6 raýaty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany we Arkadag medaly bilen sylaglandy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
USAID-iň Aziýa býurosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi ýurdumyzda saparda boldy
Türkiýä 21 Ýylyň Dowamynda 266,9 Milliard Dollarlyk Gönüden Maýa Goýum Geldi