Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde gurnalan göçme sergi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde gurnalan göçme sergi

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar“ şygar esasynda geçirilen Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklardan göçme sergi gurnaldy.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň Baýrak gazanan“, Ýarly Baýramowyň Köpetdagyň eteginde“, Gylyçmyrat Nurlyýewiň Jennet behişdi bedewler“ ýaly eserleri örän çuňňur manylylygy bilen tapawutlanýarlar.Bulardan başga-da keramika eserleriň tasin nusgalary hem adamlarda öz täsirini galdyrýar.

Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň Hereket“, Annameret Taganowyň Güýz şemaly“, Gül dessesi“, Köneürgenç“, Maşgala“ atly eserleri sergide mynasyp ornuny tapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi: müdimi hakyda
Türkmen talyplary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýelediler
Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi
Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddeslik
Altymyrat Annadurdyýewiň 100-nji goly