Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Ýarym finalyň 1-nji oýnunda 6-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Köpetdag” myhmançylykda “Şagadamdan” 1-0 asgyn geldi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 61-nji minutda Hydyr Ýakubow derwezä girizdi. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 6-2 öňe saýlanan “Köpetdag” 2018-nji ýyldan soň ýene-de finala çykmagy başardy.
Kubogyň geçen ýylky eýesi “Altyn asyr” ýarym finalyň 2-nji duşuşygynda “Ahal” toparyny uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji oýunda 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn asyr” öz meýdançasynda 6-2 üstün çykdy.
Her ýarymda 3 gol geçiren “Altyn asyryň” gollarynyň 3-sini Mihail Titow (15, 29, 45+3), beýlekileri-de Şamämmet Hydyrow (47), Zafar Babajanow (57) hem-de Begmyrat Baýow (88) derwezä girizdi.
Oýnuň soňky minutlarynda Mirza Beknazarowyň (86) hem-de Pirmyrat Sultanowyň (87) geçiren gollary “Ahala” ýeterlik bolmady.Netijede, 8-2 hasabynda üstün çykan “Altyn asyr” 7-nji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Iki topar kubok ýaryşynda ilkinji gezek finalda duşuşarlar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finaly 9-njy dekabrda oýnalar.
The post Türkmenistanyň Kubogynyň finaly: “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” appeared first on Zaman Türkmenistan.