Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda halkymyzyň hukugynyň, azatlygynyň, abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygyň we ylalaşygyň ygtybarly kepili bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we eziz Watanymyzyň erkanalygynyň we nurana geljeginiň nyşany bolup al-asmanda pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygy her ýyl täze ösüşler bilen dabaraly bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda!atly sergi guraldy.Bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň Toý wagty, Ýarly Baýramowyň Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk, Annadurdy Myradalyýewiň Ak bugdaý, Orazberdi Orazalyýewiň Azida-2017 barýarys, ýaş suratkeşler Nurjan Rahakulowanyň Pyragynyň arzuw eden döwri, Mahym Haladowanyň Dost-doganlyk duşuşygy, Mekan Amanowyň Ahalteke gözelligi ýaly ajaýyp eserleri we Türkmenistanyň halk suratkeşi Seýitguly Artykmämmedow Dutarçy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nurmuhammet Ataýew Türkmen portret, Baýram Atdaýewiň Seýdi, Baýrammyrat Esengeldiýew Zähmet ýeňişi, Alekseý Şetininiň Magtymguly, Maral Ataýewanyň Baky şöhrat keramika eserleri ýerleşdirildi.
Serginiň mazmuny çeperçilik dili boýunça dürli-dürli bolup, nakgaş, heýkel, keramika eserleriniň ýeten kämil derejesiniň üsti bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär. Baýramçylyk sergidäki eserlerde ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, parahatçylygy, tebigy gözellikleri, milli tugumyz bilen özara sazlaşykly beýan edilýär hem-de parahat ýaşaýan halkymyzyň durmuşyndan bir pursady açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny dileg edýäris! Dünýä ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek bilen halklary dostlaşdyrmak, doganlaşdyrmak ugrundaky alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!