Türkmenistanly karateçiler Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen 12-nji dünýä çempionatynda 102 medala mynasyp boldular. Olaryň 35-si altyn, 21-si kümüş, 46-sy bolsa bürünç medallardyr.
Üç günüň dowamynda medallaryň 246 toplumy ugrunda geçirilen dünýäniň çempionatyna Türkmenistandan 31 türgen wekilçilik etdi. Ýaryş dürli ýaş we agram derejeleri boýunça şotokan karateniň kata we kumite görnüşleri boýunça geçirildi.
Eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde biziň ildeşlerimiz dört sany altyn medal gazanmagy başardylar. Ikinji günde gazanylan altyn medallaryň sany 19-a, kümüş medallar 8-e, bürünç medallar bolsa 15-e ýetdi. Türkmenistanly karateçiler ýaryşyň jemleýji gününde 12 altyn, 13 kümüş we 31 bürünç medalyň eýesi boldular.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Birinji orunda 44 altyn, 49 kümüş we 93 bürünç medally Çehiýanyň, ikinji orunda bolsa 43 altyn, 53 kümüş we 76 bürünç medally Rumyniýanyň karateçileri bar.
Hut şu ýaryşda gökdepeli mekdep okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýewiň altyn medallaryň dördüsini eýeländigini ozal habar beripdik. Has üstünlikli çykyş edip, şotokan karate boýunça dünýäniň absolýut çempiony bolan ildeşlerimiziň arasynda Allanur Ýalkabowyň adyny hem aýratyn nygtamak gerek. Ol dünýä çempionatyny altyn medallaryň 6-sy bilen jemledi.
Şeýle hem 12 ― 13 ýaşdan uly ýetginjek türgenlerimiz şobu ippon kumite we şobu sanbon kumite görnüşleri boýunça hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna dört gezek çykdylar. 38 kilograma çenli agram derejesinde Perhat Atamyradow bilen Gurbannazar Amandurdyýewiň bilelikdäki çykyşy altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ýetginjeklerimiziň beýleki iki altyn medallaryny bolsa Perhat Atamyradow Dawut Saryýew bilen bile toparlaýyn kumite boýunça gazandy.