Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine täze ýolbaşçy saýlanyldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine täze ýolbaşçy saýlanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün, 29-njy iýulda gol çeken degişli Kararlary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinden hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda, degişlilikde, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X mejlisiniň 2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran X-1 belgili karary we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisiniň 2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran 3-218g belgili karary tassyklanyldy.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Kararlary bilen, Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewany Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda, degişlilikde, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X mejlisiniň 2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran X-2 belgili karary we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisiniň 2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran 3-217g belgili karary tassyklanyldy.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ozalky ýolbaşçysy A.Durdyýewa Hökümetiň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenhaly döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze başlygy Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa mundan ozal Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Ýene degişli makalalar

30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň başlygy çalşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary