Türkmenistanyň Prezidentiniň 29-njy awgustda gol çeken Kararlary esasynda Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylygyna saýlanyldy.
Resminama laýyklykda, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-1 belgili karary tassyklanyldy. Şeýle hem degişli resminama bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran VII-1 belgili karary tassyklanyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadylyp, ol Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipelerine bellenildi.
Türkmen Lideriniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran VII-2 belgili karary hem-de ony Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-2 belgili karary tassyklanyldy.
Bu meselelere 28-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň mejlislerinde hem garaldy.