Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok

Türkmenistantň demirgazyk-günbatar regionlarynda tutuş hepde bäri ýagýan çabgaly ýagyş diňmän, sil gelmegine sebäp bolýar.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda 28-nji martda çabgaly ýagyş ýagyp başlady we soňundan sil geldi. Iň kän ejir çeken Garrynohur, Aýdere, Kürüždeý, Daýna, Könekesir Garawul obalary boldy. Etrapda mobil telefon aragatnaşygy ýok. Bu ugruň awtoulag ýoly hem ýapyk.

Aşgabatda hem ýagyş diňmeýär, bu ýagdaý käbir etraplary suw basmagyna we elektrik togunyň kesilmegine alyp geldi.

Mundan başga, Parahat-7 etrpçasyna liftler işlemeýär. “Aşgabatliftde” ýaşaýjylaryň şikaýatlaryna ýagyş zerarly elektrik liniýalarda näsazlyk döräp, enjamlary hatardan çykarandygyny aýdyp jogap berýärler. Liftleriň işini dikeltmegiň näçe wagt aljakdygy belli bolman galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana gelen sil suwlarynyň pidalary belli boldy
Türkmenistanyň günorta-günbatar serhediniň ýaşaýjylary aýy gördüler
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Liftleri bejermegiň ýerine ýaşaýjylara töwella gelýärler
Aşgabatda lift näsazlygy zerarly göwreli gelin öldi
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy