Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Daşkentde raýat jemgyýeti forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Daşkentde raýat jemgyýeti forumyna gatnaşýar

9—10-njy martda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ÝB+Merkezi Aziýa: durnukly gatnaşyklary üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy gurmak üçin global portal ady bilen raýat jemgyýeti forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşar.

Habar berlişi ýaly, foruma Türkmenistandan jemgyýetçilik guramalarynyň 11 sanysynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen wekilleri karar kabul etmek, gender deňligi, energetika we ekologiýa meselelerine ýaşlary çekmek ýaly mowzuklar boýunça deslapky çekişmelere gatnaşarlar diýlip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB ulag ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýarlar
Delor: ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynda Adam hukuklary we metbugat azatlygy ileri tutulmaly 
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda wekilhanasyny açar
ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini Aşgabada barýar
F.Mogherini ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýurduň açylmagyna kömek etmegine bil baglaýar