Türkmenistanyň jemagat hojalygy gullugynyň işgärlerine artykmaç iş sagady üçin hak tölenmeýär

“Aşgabatliftiň” we paýtagtyň ýaşaýyş jaý edaralarynyň işgärleri özleriniň iş sagatlaryndan artyk mugt işledilýändiklerini aýdyp zeýrenýärler.

Olary iş sagady tamam bolandan soň hem paýtagtyň köçelerini, howlulary arassalamaga iberýärler ýa-da ýagyş-ýagmyrdan soň suw basan ýerleriň läbigini aýyrmaga ugradýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Bu edaralaryň işgärleriniň aýlyklary aýda ortaça 1000 manada (“gara bazar” nyrhynda $50 çemesi) golaý. Eger-de işgär goşmaça buýrulýan işleri etmekden boýun gaçyrsa, oňa işden kowulmak howpy abanýar.

Bu edaralaryň işgärleriniň aglaba bölegi aýallardan ybarat. Işgärleriň gürrüň bermeklerine görä, artykmaç buýrulýan işden ýaňa, olaryň hakykatda maşgalalary we çagalary üçin wagtlary hem galmaýar.

Belleýäris, köçeleri arassalamak işine meýletin-mejbury ýagdaýda mekdep okuwçylary, studentler we goşun gullugyna alnan esgerler hem çekilýär.

1 of 3

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Liftleri bejermegiň ýerine ýaşaýjylara töwella gelýärler
Aşgabatda lift näsazlygy zerarly göwreli gelin öldi
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
'Gyzgyn pese düşmeýär'. Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň dümewi ýaýraýar