“Astana” diplomatik kluby türkmen telekeçileri üçin Gazagystana işewürlik saparyny guraýar. Bu sapar 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabr 1-nji noýabr aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi anna güni habar berdi.
Çäräniň esasy maksady iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Saparyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Gazagystanyň esasy ykdysady merkezlerine, şol sanda Almaty, Žetysu, Astana şäherlerine we Almaty oblastyna baryp görerler.
Işewürlik saparynyň maksatnamasy Gazagystanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini, ýerli telekeçiler bilen “B2B” görnüşdäki duşuşyklary we özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak mümkinçiliklerini öz içine alýar.
Mundan başga-da, işewürlik meselelerine jogapkär döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilmegi, senagat desgalaryna baryp görmek hem-de Gazagystanyň Premýer-ministriniň we halkara maýadarlaryň gatnaşmaklary garaşylýan halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak meýilleşdirilýär.
Guramaçylar işewürlik saparynyň türkmen telekeçilerine Gazagystanyň bazarynda öz orunlaryny giňeltmek we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly mümkinçiligi döredýändigini belleýärler.