Türkmenistanyň iň iri gazhimiýa toplumlarynyň birinde köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär

Türkmenistanyň iň iri gazhimiýa toplumlarynyň birinde köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär

Balkan welaýatyndaky Gyýanly gazhimiýa toplumynda iş alyp barýan üç daşary ýurt kompaniýasy ýüzlerçe iş ornuny kemeldýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda habar berdi.

Maglumata görä, toplumda iş alyp barýan “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” hem-de “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalary şu wagta çenli müň töweregi iş ornuny gysgaltdy.

Habarçymyz kärhanada dürli wezipelerde işleýän aýrybaşga üç işgäre salgylanyp, köpçülikleýin işden boşatmalaryň on günden gowrak wagt bäri dowam edýändigini habar berdi.

Iri gazhimiýa toplumyndaky köpçülikleýin işden çykarmalar Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyna gözegçilik edýän ýokary derejeli resmileriň arasynda giň gerimli kadr çalşygynyň geçirilýän wagtyna gabat gelýär.

Ýatlasak, 13-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňki başlygy Batyr Amanowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ýangyç-energetika meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi.

Konserniň täze başlygy wezipesine öňki orunbasar Maksat Babaýew bellenildi. Ýangyç-energetika pudagyna gözegçilik edýän öňki wise-premýer Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Gyýanly gazhimiýa toplumy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Günorta Koreýanyň “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” hem-de Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalarynyň arasynda 2013-nji ýylda baglaşylan üçtaraplaýyn şertnama esasynda guruldy.

Bahasy 3 milliard 423 million dollara barabar bolan iri toplum 2018-nji ýylda ulanylmaga berildi. Resmi maglumatlara görä, iri senagat desgasy ýylda 5 milliard töweregi tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gyýanly zawodynyň içerki bölümleriniň birinde ýokary wezipelerde işleýän bir hünärmen toplumdaky ýokary wezipeleri tas doly diýen ýaly döwlet emeldarlarynyň dogan-garyndaşlarynyň eýeleýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli hünärmeniň at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.

“Işlerinden boşadylan müň töweregi işgäriň soňky ykbaly meni gynandyrýar” diýip, hünärmen lapykeç bolýar.

Onuň sözlerine görä, “Hyundai Engineering” kompaniýasy ýönekeý işçilere 1300 dollar töwereginde, hünärmenlere bolsa 3500 dollar töwereginde zähmet haklaryny töleýärdi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iş alyp barýan kärhanalar, hususan-da daşary ýurt kompaniýalary türkmenistanlylara degişlilikde ýokary aýlykly iş orunlaryny hödürleýär.

“Köp sanly hojalyklaryň maddy mümkinçilikleri ýokarlandy, [gazhimiýa toplumynda] täze jaý satyn alan, täze awtoulaglary edinen işgärler boldy. Toplumda agzybir işgärler kollektiwi emele gelipdi” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Toplumyň işgärleri zawodyň eýeçiliginiň türkmen kompaniýalaryna geçirilen halatynda özleriniň zähmet haklarynyň azaldylmagyndan howatyr edýärler.

Maglumata görä, gazhimiýa toplumynda jemi 1400 töweregi raýat iş bilen üpjün edilýän ekeni.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçiren hökümet maslahatynda Gyýanlydaky polimer zawodyny “Türkmengaz” döwlet konserninden alyp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyna geçirmek barada karara gelendigini yglan etdi.

Ýöne bu karar Türkmenistanyň döwlet metbugatynda henize çenli çap edilmedi.

Galyberse-de, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň resmi web sahypasynda konserniň garamagyndaky kärhanalaryň hatarynda Gyýanlydaky polimer zawody ýok.

Günorta Koreýanyň “Hyundai Engineering” kompaniýasy 14 ýyl çemesi wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Kompaniýa 2013-nji ýylda Türkmenistanda beýleki bir iri taslamany, “Galkynyş” ýatagynda gazy kükürtden arassalaýjy zawody hem ulanmaga berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2022-nji ýylyň oktýabrynda “Galkynyş” ýatagyndaky gazy kükürtden arassalaýjy desganyň işgär sanynyň hem azaldylandygyny habar beripdiler.

Azatlyk Radiosy Gyýanly gazhimiýa toplumyndaky köpçülikleýin işden boşatmalar barada “Türkmengaz” döwlet konserninden hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden resmi kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hyundai Engineering Aşgabatda geçiriljek OGT 2024 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Gyýanlydaky polimer zawody işgärlerini işden çykaryp işini togtatdy
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana sapar edýär
Hyundai Engineering kompaniýasy Türkmengazyň we Türkmenhimiýanyň strategik tenderlerine gatnaşmaklygy maksat edinýär
Türkmenistan energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar