Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Geňeşiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Geňeşiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi Sapar Palwanow penşenbe güni Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişele ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Dabaranyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýet, söwda, energiýa, ulag taslamalary, howanyň üýtgemegi we sanly ykdysadyýetdäki hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şarl Mişel öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu nukdaýnazardan, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin gün tertibiniň üç esasy ugry hökmünde howpsuzlygy, parahatçylygy we durmuş-ykdysady ösüşi kesgitledi.

Duşuşygyň ahyryna türkmen ilçisi Sapar Palwanow we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel özara hyzmatdaşlygy we "Türkmenistan-ÝB" çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlaryny kabul etmäge taýýar
Türkmenistan Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşuldy
Türkmenistanyň ÝB-niň ýanyndaky wekili ynanç hatyny gowşurdy
Türkmen diplomaty HÝAG-nyň Baş direktoryna Ynanç hatyny gowşurdy
Türkmen ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmen ilçisi Antwerpende Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşyny geçirdi