30-njy maýda Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow bilen Täjigistanyň bilim we ylym ministri Rahim Hamro Saidzodanyň arasynda duşuşyk geçirilip, onda iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, türkmen-täjik bilim hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine Täjigistanyň Hatlon sebitiniň Dusti etrabyndaky Ergaş Soltanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky orta mekdebi gurmak baradaky hökümetara şertnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň hem şaýatlyk edýändigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bilelikdäi tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Aýmyrat Goçmyradow ministre sowgat hökmünde täze Magtymguly atly kitaby sowgat berdi.