
2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldinazarow Şri-Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklar, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Ilçi şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýylyň Türkmenistanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilendigini belledi.