Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 21-nji noýabrda ýurduň federal nebit ministri doktor Musadik Mälik bilen duşuşdy. Bu barada nCa habar berdi.
Ilçi federal nebit ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.Ministr hem öz gezeginde çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.Doktor Musadik Mälik Türkmenistanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna ygrarlydygyna minnetdarlyk bildirdi.
Taslama ýurduň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin möhümdir.Ilçi Pakistanyň Hökümetiniň soňky ykdysady ösüşine ýokary baha berdi we ykdysady ýagdaýyň gowulaşýandygyny aýtdy.A.Möwlamow häzirki wagtda halkara maýadarlaryň Pakistana bolan gyzyklanmasynyň artandygyny belledi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam etdirmäge we energiýa, söwda, maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge ygrarlydyklaryny bellediler.