Türkmenistanyň Ilçisi Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.

Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellendi.

Aýratyn üns medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine berildi. Şu nukdaýnazardan, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
TBMM-niň başlygy Şentop kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy