Türkmenistanyň ilçisi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medalynyň eýesi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medalynyň eýesi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew duşenbe güni Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň uly ylmy işgäri, professor, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi Nikolaý Waskiw bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

Görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan döredilen bu medal nusgawy Gündogar edebiýatynyň mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde goşan uly goşandy hem-de Türkmenistan bilen medeni hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalary üçin N. Waskiwe gowşuryldy.

Sylaglamak dabarasy Magtymguly Pyragynyň ýubileý senesine bagyşlanyp, Aşgabatda guralan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň öňüsyrasynda, ýagny 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.

Beýleki daşary ýurtly sylaglananlar bilen bir hatarda professor Waskiwe hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa tarapyndan medal gowşuryldy.

“Magtymguly Pyragy. Açyş” atly ukrain dilindäki neşiriň, şahyryň ömri barada başga-da birnäçe ylmy-köpçülikleýin işleriň awtory Nikolaý Waskiwiň sylaglanylmagy Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka boldy.

Duşuşykda Toýly Ataýew professory mynasyp bolan sylagy bilen gutlap, onuň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmekde we halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekde uly goşant goşandygyny belledi.

Duşuşyga “Magtymguly Pyragy. Açyş” kitabyny çap eden neşirçi Wiktor Zelenskiý hem gatnaşdy. Ol ukrain okyjylarynyň arasynda türkmen edebiýatyny, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary baradaky eserleri wagyz etmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserleri Kiýew şäherindäki kitaphana gowşuryldy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Prezident TDU-nyň täze korpusynyň açylyşyna gelmedi
Doglan gününiň 207 ýyllygy mynasybetli Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýuldy
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi
Aşgabatda TDU-nyň täze korpusynyň açylamgyna garaşylýar. Ýakyndaky ýerlerde öýsüz jandarlary tutýarlar