Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Liwanyň Prezidenti Mişel Naim Auna Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili hökmündäki ynanç hatyny gowşurdy.
Kabul edişlik dabarasy sişenbe güni Beýrutdaky Baabda köşgünde geçirildi diýip, Liwan Lideriniň resmi web sahypasy habar berýär. Şeýle hem türkmen ilçisi Liwanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň täze ilçisi Liwanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
2018-nji ýylyň dekabrynda Muhammetgeldi Aýazowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diplomatik derejesi berildi we ol Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa, şol bir wagtda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistan bilen Liwan Respublikasy 1993-nji ýylyň maý aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.