Türkmenistanyň ilçisi Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Sankt-Peterburgda geçirilen Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.

Diplomat Piskarewskoý gonamçylygyndaky rus we türkmen dillerinde: Leningrad söweşlerinde şehit bolan Türkmenistanyň gahrymanlaryna ebedi ýadygärlik diýen ýazgy ýerleşdirilen ýadygärlik nyşanyna gül goýdy. Çärä gatnaşyjylar gahrymanlarça wepat bolan gerçekleri ýatlap, Ata Watan ýadygärliginiň öňünde baş egip, tagzym etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilçisi Gazprom Arena stadionynda geçirilen rus medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk konsertine gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ukraina Russiýadaky 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm gurady
Aýdymçy-şahyr Nikolaý Dobronrawow aradan çykdy