8-nji oktýabrda Afiny şäherinde Prezident köşgünde Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow (oturýan ýeri Rim şäheri) Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula ynanç hatyny gowşurdy.
Söhbetdeşligiň başynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Katerina Sakellaropulu jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.