Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň guramagynda we Huahe International Business Consultancy kompaniýasynyň ýardam bermeginde Inhe Pekin adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilçisiniň we hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ-nyň (TULM) Pekindäki wekilhanasynyň hem-de Hytaýyň ulag-logistika edaralarydyr kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý-ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşy bolan Hytaýa we onuň çäklerinden köp mukdardaky ýükleri daşamaga mümkinçiligi uly ugurlara, ýagny, Günorta we Günbatar Aziýa, Gündogar we Günorta Ýewropa, Ýakyn Gündogara we beýlekilere ýurduň halkara ulag geçelgeleri arkaly daşalýan ýükleri artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistan, ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklaryny we täze gurlan Arkadag şäherini mahabatlandyrýan wideo rolikler hem görkezildi.

TULM-nyň Hytaýdaky wekili Ö.Orazow öz tanyşdyryş çykyşynda Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerinde möhüm orny eýeleýändigini belläp, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleri boýunça tanyşdyrdy. Ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we howa menzilleriniň hem-de ýurduň ähli ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwaty we multimodal konteýner ýükleri daşamak amatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Öz gezeginde, hytaýyň ulag-logistika assosiasiýasydyr kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edip, bu kompaniýalar köpugurly logistika çözgütlerini hem-de olary sanly tehnologiýalar arkaly utgaşdyrymak bilen, ýük gatnawlaryň kuwwatlyklaryny güýçlendirmegiň aýratynlyklary barada gürrüň bermek bilen birlikde, Türkmenistan bilen bu ugurda ysnyşykly işleşmäge taýýarlyk bildirdiler. Hytaý — Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny doly ýola goýmak mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berildi.

Çykyşlardan soň taraplar ulag-logistika hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça sowal-jogap alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary