Türkmenistanyň ilçisi Belarusyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň ilçisi Belarusyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

31-nji iýulda Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen Minskdäki Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Belta ýurduň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn derejede türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlaryny, şol sanda ýakyn wagtda geçiriljek duşuşyklaryň we saparlaryň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň çägindäki haryt paýlaýyş torlarynyň işini gowulandyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşmäniň habaryna görä, söhbetdeşler bilim pudagynda bilelikdäki işleriň, ýagny türkmen talyplaryny Belarus uniwersitetlerinde okatmagyň kanagatlanarlydygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Waşingtony çabga gark etdi
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi
Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy