Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Wenadaky baş binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarowyň Agentligiň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa hem-de Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Dabaranyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler hem-de öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisi agzalan Konwensiýalara goşulmagy 2023-nji ýylyň oktýabrynda goldady. Bu konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan soň 30 günden bu Konwensiýalar Türkmenistan üçin güýje girýär.

Ýene degişli makalalar

Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"