Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $2,87 milliarda barabar boldy

Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $2,87 milliarda barabar boldy

Türkmenistan Hytaýa şu ýylyň ýanwar-aprel aralygynda 2 milliard 870 million ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,53 esse ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy anna güni habar berdi.

Baş gümrük müdirligi Hytaý tarapyndan import edilen energiýa çeşmesiniň fiziki göwrümi barada maglumat bermeýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýyň turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 1 milliard 40 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,67 esse artdy.

Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($408,1 million), Gazagystan ($270,6 million) we Özbegistan ($132,8 million) girdi.

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Awstraliýa Hytaýa iň köp suwuklandyrylan gazy eksport eden ýurt boldy. Hytaý Awstraliýadan bu önümiň 7 million 490 müň tonnasyny import etdi. Onuň umumy bahasy 5 milliard 380 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk şu ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar-noýabr: Hytaý $8,82 milliardlyk türkmen gazyny import etdi
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $5,85 milliarda deň boldy
Ýanwar-oktýabr: Hytaý $8,23 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Hytaý ýanwar-noýabr aýlarynda $9,28 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $10,25 milliarda deň boldy
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrmagyň üstünde işleýär