Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $1,44 milliarda barabar boldy

Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $1,44 milliarda barabar boldy

Türkmenistan Hytaýa şu ýylyň ýanwar-fewral aralygynda 1,44 mlrd. amerikan dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,47 esse ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýyň turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa ($526,9 mln.), Mýanma ($224,6 mln.), Gazagystan ($105,1 mln.) we Özbegistan ($48,4 mln.) girdi.

Bellenilişi ýaly, suwuklandyrylan tebigy gazy üpjün etmek boýunça Awstraliýa ($3,57 mlrd.dollarlyk 4,24 mln.tonna) birinji orny eýeleýär.Hytaýy suwuklandyrylan tebigy gazy bilen beýleki üjün edijileriň arasyna Katar ($2,32 mlrd.

dollarlyk 3,53 mln.tonna), Malaýziýa ($1,87 mlrd.dollarlyk 1,77 mln.tonna), Indoneziýa ($746 mln.dollarlyk 789 müň tonna), Russiýa ($503 mln.dollarlyk 664 müň tonna) we ABŞ ($665 mln.

dollarlyk 517 müň tonna) girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Türkmenistanyň öňki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewral aýynda Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin bilen Pekinde duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar-noýabr: Hytaý $8,82 milliardlyk türkmen gazyny import etdi
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $5,85 milliarda deň boldy
Ýanwar-oktýabr: Hytaý $8,23 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Hytaý ýanwar-noýabr aýlarynda $9,28 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $10,25 milliarda deň boldy
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrmagyň üstünde işleýär