Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň gerimine baha bermek üçin täze taslama taýýarlanýar.
Şunuň bilen baglylykda, iýul aýynyň başynda Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) we FutureWater maslahat beriş kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşyklarydyr geňeşmeler geçirmek üçin Aşgabat şäherine bardy. Bu barada nCa habar berdi. Maksat täze taslamanyň çäginde ylmy we amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Teklip edilýän taslama aşakdaky ýaly meseleleri öz içine alar:
Taslama howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, esasan hem Türkmenistanyň suw we oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary kesgitlemegi we konseptuallaşdyrmagy aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. Çeşmäniň bellemegine görä, bu howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň kartalaryny döretmegi öz içine alýar.