Hormatly Saragt Babaýew!
Ozaly Sizi täze derejäňiz, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyňyz bilen gutlaýarys. Biz ozal, 1980-nji ýyllarda Sizi türkmen skulpturasynyň tanymal wekilleriniň biri hökmünde tanaýardyk. Emma Siz 1990-njy ýyllardan başlap öz zehin-başarnygyňyzy ilki ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň, soňra häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň hyzmatynda goýduňyz.
Elbetde, kärini-senedini diňe gazanç çeşmesine öwrüp, ýurtda indi 20 ýyldan gowrak bäri höküm sürýän diktatura hyzmat eden ýa edýän diňe Siz däl, beýle adamlar ýüzlerçe. Şol bir wagtda bu döwürde türkmen halkynyň nähili agyr ýagdaýa düşendigini, Siz ýaly döredijilik işgärleriniň ýurda nähili ýamanlyk edendigini, türkmen döwletiniň dünýä nähili gülki bolandygyny Sizem bilýärsiňiz, beýlekilerem bilýär.
Dogry, diktatura hiç kim höwes edip hyzmat etmeýär; her kimiň öz niýeti, maksady bar.Azat bazar ykdysadyýetinde bolsa, düşünmez ýaly zat, her kim öz önümini, özünde bar harydy geçen ýerinden, mümkin bolsa gymmat satjak bolýar.
Siz öz önümiňizi bazara çykardyňyz, alyjyňyzy tapdyňyz.Ol, türkmen halkynyň, garyp milletiň hasabyna-da bolsa, Siziň işiňize, önümiňize uly pul töledi.Netijede Siz ýurtda döredijilik intelligentsiýasynyň arasyndaky iň baý adamlaryň birine öwrüldiňiz.
Muňa göripligimiz ýok.
Erbet ýeri, Siz yzyňyzdan gelýän ýaş skulptorlara hem ters görelde görkezdiňiz, olary hem diktatura hyzmat edip, pul gazanmak ýoluna saldyňyz. Ýogsa Siz ertir hökümet çalyşsa, sähel progressiw pikirli adam hökümet başyna gelse, şahsyýet kultuny götergileýän heýkelleriň ýykyljakdygyny, olaryň awtorlarynyň garadonly boljakdygyny gowy bilýärsiňiz.
Emma men Siziň bu eden işleriňizi, S.Nyýazowyň ýa onuň ene-atasynyň heýkellerini döretmegiňizi, G.Berdimuhamedowyň ýa onuň kakasynyň, atasynyň heýkellerini döretmegiňizi, okuwçylaryňyzy şeýle ters, çüýrük ýola salmagyňyzy öz ynsabyňyza, senetçilik wyždanyňyza goýýaryn.
Belki, il-gün hem şeýle eder.Sebäbi Siz bazaryň ýagdaýyna görä haryt çykarýarsyňyz, wagtlaýyn, çig-çarsy, biraz wagtdan hiç bir derde ýaramajak, ýöne häzir geçýän, alyjysy bar önümleri öndürýärsiňiz.
Bu hatyň üsti bilen Size başga bir zat aýtmak isleýärin. Bu diňe meniň pikirim däl, onlarça türkmenistanlynyň, onda-da bilimli adamlaryň pikiri. Olar menden şu haty ýazmagy Beýik Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärligi ýykyljak diýlen gürrüň ilki çykan gününden bäri haýyş edýärler.
Hawa, gürrüň Beýik Magtymguly barada barýar, türkmen halkynyň wyždany we buýsanjy hakynda barýar. Eger Siz öz senediňiz, talantyňyz bilen türkmeniň iň uly buýsanjy bolan Beýik Pyragynyň Aşgabadyň merkezindäki ajaýyp heýkelini ýykmaga, ýok etmäge gatnaşmaýan bolsadyňyz, Size bu haty ýazmazdyk.
Siz häzirki syýasy oýna, Beýik Magtymgulynyň türkmeniň sylagly hudožnigi Aýhan Hajyýew tarapyndan döredilen kanoniki portreti esasynda dikilen ajaýyp heýkeliniň näme üçin ýykylýanyna belli bir derejede düşünýän adam, ýokary bilimiňiz bar. S.Nyýazow Magtymgulynyň “Başlady” diýen goşgusyna döredilen aýdymy gadagan etdi. Ol aýdymda “orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady” diýilýär.
S.Nyýazow Magtymgulyny “terkidünýä, pessimist” şahyr diýip, zibil çukuryna zyňmaga synandy; ony tireparazlykda aýyplady, ýagny “Bäşimiz” goşgusynda diňe bäş tiräni agzapdyr diýip, onuň goşgularyna düzediş girizdi.
Iň ýamany, Magtymgulynyň kitaplary soňky 26 ýylda S.Nyýazowyň, G.Berdimuhamedowyň kitaplarynyň çykarylyşy, öwlüp-taryplanyşy bilen deňeşdirilende, iň bir öwrenje şahyryň derejesinden hem yzky hatara zyňyldy.
Emma S.Nyýazow, her neneňsi zalym hem bolsa, Magtymgulynyň heýkelini ýykmak meselesini agzap bilmedi, ýogsa ol heýkeliň öňünde hut Nyýazowa garşy protest aksiýasy geçirilipdi.
Ýöne indi Nyýazowyň Magtymgulydan alyp bilmedik aryny onuň wepaly şägirdi G.Berdimuhamedow alýar. Ol Magtymgulyny has beýik ýere, şäheriň daşyndaky dag gaýasynyň üstüne çykarmak bahanasy bilen, onuň Aşgabadyň ortasyndaky ajaýyp ýadygärligini ýok etmek isleýär. Sebäbi ol ýadygärlik, Aýhan Hajyýewiň kanoniki portreti bilen, halkyň ýüregine girdi.
Haýp, Siziň heýkelleriňiz, hatda Siz indi ezijileriň däl, hakyky halk şahyrynyň heýkelini döretseňiz hem, halkyň ýüregine girjekmi ýa girjek däl, bu uly sorag astynda. Sebäbi Siz Magtymgulynyň heýkelini onuň goşgularyny okap däl-de, eýsem diňe aljak puluňyzy göz öňüne getirip döredip bilersiňiz. Çünki Siz indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri diňe şeýle maksat bilen işleýärsiňiz.
Uzyn gepiň gysgasy, hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew, eger Magtymgula, öz halkyňyzyň iň beýik şahyryna sähelçe sylag-hormatyňyz bar bolsa, onuň Aşgabatdaky heýkelini ýykmak işine goldaw bermäň, halka we onuň iň mukaddes şahyryna garşy hapa oýna goşulmaň, şäheriň daşynda dikiljek täze, halkyň kabul etmejek Magtymguly heýkeline dahylly bolmakdan hälem bolsa el çekiň?!
Intelligentisiýa wekilleriniň haýyşy boýunça ýazan Arslan Baba, Aşgabat, 25.02.18.