25-nji martda Serdar Berdimuhamedow prezidentlik wezipesinde Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi.
Ol ilki bilen “Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklaýan” karara gol goýdy we oňa Kabinetiň başlygynyň dokuz sany orunbasary, 17 sany ministr we pudaklaýyn edaralaryň 20 sany ýolbaşçysy hem girýär diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary boýunça wise-premýer wezipesine Muhammetguly Muhammedow bellendi. Ol GDA agza ýurtlaryň ykdysady geňeşinde Türkmenistanyň wekili hem boldy.
Muhammedowa ministlikleriň we edaralaryň maliýe ýagdaýlaryna gözegçilik, şeýlede möhüm maýa goýumlary taslamalary maliýeleşdirjek banklaryň maliýe gaznalaryny ösdürmek tabşyyrldy.
Bellesek, Muhammedow mundan öň kiçi Berdimuhamedowyň eýelän wezipesine bellendi. Beýleki ähli wise-premýerler öz wezipelerinde galdylar.
Umuman, prezidentiň täze bellenen emeldarlara tabşyrygy olaryň owalky işleriniň dowamy bolup durýar.
Medeniýet we KHS boýunça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa “Türkmenistany diňe ykdysady däl-de, ruhy we döredijilik taýdan potensialy bolan ýurt hökmünde meşhur etmek” tabşyryldy.
Elektron önümleri we kompiýuter önümçiligini ösdürmek, “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna gözegçilik etmek gurluşyk toplumy boýunça wise -premýer Çarymyrat Pürçekowa tabşyryldy.
Söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjowyň ýolbaşçylygynda söwda-çig mal birjasy ýurdyň harytlaryny eksport etmeli, ýurdyň içine iň amatly bahalardan harytlary getirmeli, şeýlede KHS arkaly dünýä bazarlarynda türkmen harytlarynyň marketingi bilen meşgullanmaly.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we aragatnaşyk edarasynyň başlygy Mämmethan Çakyýewe Türkmenistanyň demirýol ulgamyny halkara ölçeglere laýyk etmeli, howa menzillerini döwrebaplaşdyrmaly we gurmaly.
Şeýlede Serdar Berdimuhamedow ýurdy geljek 7 ýylda ösdürmek barasynda prezidentiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we olary Ministrler Kabinetine hödürlemegi wise-premýerlerine buýurdy.
Başgaça aýdylanda, saýlawlarda bäsdeşlik edende, kiçi Berdimuhamedowyň ilkinji prezidentlik möhletinde etjek işleriniň meýilnamasy hem ýokdy.The post Türkmenistanyň hökümetindäki wise-premýerler täze prezidentde hem öz wezipelerini sakladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.