Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda, dynç güni, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, paýtagt Aşgabatda we ýurduň ähli sebitlerinde ýyladyş möwsümine taýýarlyk işlerini hem-de ilatyň tok, gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini maslahat etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Döwlet metbugaty gyş möwsüminiň öňüsyrasynda, ýurtda hereket edýän gaz turbinalarynda, bug turbinalarynda, elektrik geçiriji ulgamlarda we transformator beketlerinde abatlaýyş işleriniň geçirilendigini habar berýär.
“Gyş möwsüminde sarp edijileri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi” diýip, TDH ýurduň Energetika ministrligine salgylanýar.
Şeýle-de, döwlet metbugaty güýz-gyş möwsüminde ilaty tebigy gaz bilen yzygiderli üpjün etmek üçin dürli çäreleriň görlendigini, ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýynyň gözden geçirilendigini habar berýär.
Oba hojalyk ministrligi şu günler welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki ekinleri ýygnap almak işleriniň, şeýle-de olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berýär.
Soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gyş möwsüminde mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki möhüm desgalaryň bökdençsiz elektrik energiýasy, gaz we agyz suwy bilen hem-de kadaly ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilmegi babatda edilen işler barada hasabat berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary her ýyl güýz we gyş möwsümlerinde ýurduň paýtagtynda we sebitlerde ýerleşýän durmuş desgalarynyň ýyladyş ulgamlarynda emele gelýän bökdençlikler barada habar berýärler. Ýöne Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýyladyş ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar, elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikler barada habar bermeýärler.
Prezident Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçiren hökümet mejlisinde nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, Şahym Abdrahmanowa ýüzlenip, “sarp edijileri nebit önümleri we gaz bilen üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini” belledi.
Şeýle-de, hökümet başlygy orunbasarlaryna ýüzlenip, gyş möwsüminde mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw jaýlarynda, saglygy goraýyş edaralarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarda ýylylygyň bökdençsiz üpjün edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.
Şeýle-de, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýewe “harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýyladyş gazanlarynyň, energetika, gaz, suw hem-de jemagat hojalyklarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi, olaryň gözegçilikde saklanylmagy” tabşyryldy.
Türkmenistanda gymmatbaha gurluşyklara millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanýan mahaly, ýurtda sowet döwründen bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmedik ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň onlarçasy bar. Bu barada maglumat berýän habarçylarymyz olaryň käbirinden peýdalanmagyň eýýäm howpludygyny belläp, adam saglygyna wehim salýandygyny aýdýarlar.
"Ýurtda merkezi şäherler we etrapçalar üns merkezinde bolsa-da, çetki etrapçalar, etraplar we obalar hemişe ünsden düşürilýär. Oba ýerlerindäki durmuş maksatly desgalaryň köpüsinde infrastrukturanyň aşa könelişendigi sebäpli, käbir mugallymlar mekdeplerde sapak geçmäge gorkýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosy 15-nji oktýabrda habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.