Türkmenistanyň hökümetçi neşri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý 'adaty' diýýär

Türkmenistanyň hökümetçi neşri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý 'adaty' diýýär

Türkmenistanyň ýarym resmi neşri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýyň “adatydygyny” we “ygtybarly güýç organlarynyň gözegçiligindedigini” habar berdi.

“Türkmenportal” hökümetçi websaýtyň çap eden habary ýurtda harby gulluga ukyply raýatlaryň hasaba alynmagy we türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapyndaky giňişlikleriň tas tutuşlygyna söweşijileriň gözegçiligindedigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

“Türkmenistanyň kompetent organlary türkmen-owgan serhedinde bozujylaryň, şol sanda dürli ýaragly garakçy toparlaryň geçmeginiň potensial howpuna degişli ýagdaýyň gije-gündiz gözegçiligini amala aşyrýarlar” diýip, “Türkmenportal” habar berýär we Döwlet serhet gullugynyň ştabynyň ady agzalmadyk wekiline salgylanýar.

Neşir “owgan topragyndaky çylşyrymly ýagdaýa garamazdan”, şu günki gün “türkmen topragyna hüjüm edilmegine howp döredip biljek real ýagdaýlaryň” ýokdugyny belleýär.

Üstesine, ýarym resmi neşriň bu maglumatynda ýurduň “ätiýaçdaky harby gullukçylarynyň taýýarlanmagy boýunça goşmaça çäreleriň” geçirilmeýändigi aýdylýar.

“Türkmenistanyň ýaragly güýçleri gullukdaky harbylary bilen howpsuzlyga islendik potensial hatarlara garşy durmaga ukyplydygyny harby edarada nygtadylar” diýip, neşir Goranmak ministrligini agzaýar.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanda harby gulluga ukyply raýatlaryň hasaba alynýandygyny Azatlyk Radiosynyň ​habarçylary we “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berdiler.

Bu habar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän regionlarynda hökümet güýçleriniň söweşijilere, ilkinji nobatda-da, “Talybana” garşy güýçli söweşleri alyp barýan wagtyna gabat geldi. Azatlygyň Owganystandaky habarçylary demirgazyk Owganystanyň serhetýaka giňişlikleriniň tas ählisiniň söweşijileriň gözegçiliginde saklanýandygyny owgan resmilerine salgylanyp, habar berýärler.

Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda dowam edýän raýatlaryň harby hasaba alynyşyny agzamaýarlar we Türkmenistanyň Owganystan bilen döwlet serhediniň howpsuzlygyna degişli meseläni resmi derejede kommentirlemeýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda ätiýaçdaky harbylaryň hasaba alynmagynyň fonunda, türkmen harbylary gullukdaky esgerleriň taýýarlyk derejesine aladalanýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri köp goşun bölümlerinde esgerleriniň sanynyň bolmalysyndan has azdygynyň anyklanandygyny 17-nji ýanwarda çap eden maglumatynda ýazdy.

"Çeşmeleriň täze maglumatlaryna görä, bu barlaglar köp goşun bölümleriniň harbylarynyň sanynyň bolmalysyndan has azdygynyň ýurduň baş ýolbaşçylaryna mälim bolmagy bilen bagly” diýip, neşir habar berýär we ýetmezçilik edýän esgerleriň sanynyň 2000 adamdan gowrakdygyny, goşun gullukçylarynyň umumy sanynyň bolsa, dürli maglumatlara görä, 30-35 müň aralygyndadygyny belleýär.

Maglumata görä, ýaragly güýçleriň we kanun goraýjy organlaryň işgärlerinden düzülen barlagçy komissiýalar harby biletlerine eýe bolan, emma goşunda gulluk etmediklere degişli onlarça ýagdaýyň üstüni açypdyr.

Harby biletlerini bikanun alanlaryň, ýagny satyn alan raýatlaryň indi harby gulluga çagyrylmagy ähtimal diýip, neşir belleýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän regionlarynda owgan goşunynyň we söweşijileriň arasynda güýçli çaknyşyklar dowam edýär.

15-nji ýanwarda Owganystanyň goşuny, şol sanda ýörite güýçleri NATO-nyň “Aýgytly goldaw” missiýasynyň gatnaşmagynda serhetýaka Farýap welaýatyň azyndan üç etrabynda söweşe gatnaşdy.

Munuň bilen bir wagtda Owganystanyň Daşary işler ministrligi Merkezi Aziýa ýurtlaryna Owganystandan howp abanmaýandygyny aýdyp, 16-nji ýanwarda çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Halk maslahatyny geçirýär, adamlar 'alada edýär'
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenportal we Sarayan HJ hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler
Stambula barýan uçarlaryň sany artýar, wiza almak kynlaşýar
Türkmenistanda güýçli gar ýagýar, howa aşa sowaýar
Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?