Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisiniň açylyş dabarasy, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Azady syýahatçylyk kärhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň başlygy Sylapberdi Ataýew, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň ATI syýahatçylyk kärhanasynyň baş müdiri Ali Daşti çykyş etdiler.

Çykyş edenler iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada bellediler. Şeýle-de ýurtlaryň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň, owadan täsin ýerleriň bardygy nygtadylar.

Iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli medeni çäreler geçirilýär. Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Noýabr aýynda bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranyň Gülüstan welaýatynda ýerleşýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat syýahatlary guramak teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady
Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi