Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýan hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara sarpa goýulýandygyny nygtap, gadymyýetden medeni hem-de taryhy umumylyk birleşdirýän iki doganlyk halkyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary söwda-ykdysady toplumyny, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamyny, oba hojalyk pudagyny, dokma, himiýa senagatyny we beýlekileri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.
Mälim bolşy ýaly, şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.