27-nji dekabrda Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow jurnalistler bilen metbugat ýygnagyny geçirdi we 2021-nji ýylyň jemini jemledi diýip onuň saýtynda habar berilýär.
Duşuşyk barasynda maglumatlary “Business Online” neşiri çap etdi.
Metbugat ýygnagynda “Interfaks” habar gullugynyň jurnalisti Hazaryň türkmen ýalpaklaryndaky barlag işlerine “Tatnebitiň” gatnaşjakdygy barada Minnihanowdan sorady.
Tatarystanyň lideriniň jogabyndan çen tutulsa,bu ugurda öňegidişlik ýok.
Albert Fahrutdinow, “Interfaks”:
Sowal:“Apreliň ahyrlarynda siziň prezidentiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyňyzyň jemi boýunça berlen habarda Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň hasaplaýşyça, “Tatnebitiň” Hazaryň türkmen ýalpaklarynda barlag işleriniň geçirilmegine gatnaşmagynyň mümkindiginiň geljegi bar. “Tatnebitiň” Hazaryň türkmen ýalpaklarynda barlag işleriniň geçirilmegine gatnaşmagy babatda gepleşikleri geçirilýärmi ýa-da bu häzirki wagtda öňkileri ýaly geljegi bolan ideýamy?”
Minnihanow: “ Türkmenistan babatda aýdylanda,biziň ýurdyň ýolbaşçylary bilen jebis, gowy gatnaşyklarymyz bar.Biziň iki şirketimiz juda gowy işleýär: КЭР-холдинг и Группа ГМС. “KAMAZ” şirketi hem örän gowy işleýär.
Ol Türkmenistanda mydama üstünlikli işledi we ol ýerde biziň awtoulaglarymyz örän gowy hödürlendi. “Tatnebit” hem örän işjeň işleýär: nebit-gaz enjamlaryny bermek, hyzmat işlerini edýär. Türkmenistanyň hormatly prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň nebitçilerimizi mydama goldaýar. Ýalpaklarda işlemek barada aýdylanda, howa, biz gyzyklanýarys.
Emma, entek bu mowzuga girip bilmedik.Eger bular ýaly mümkinçilik bolsa,onda bu işe uly höwes bilen goşulmaga taýýar. Ýöne, nebit mowzugyndan işler gowy gidýär”.
The post Türkmenistanyň Hazar ýalpaklarynda “Tatnebitiň” işlejekdigi baradaky beýanatyň nädereje hakykatdygy barada Tatarystanyň baştutanyndan soraldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.