Türkmenistanyň harby uçary Italýada weýran boldy

Türkmenistanyň harby uçary Italýada weýran boldy

16-njy martda Italýada Türkmenistanyň harby howa güýçleriniň (HHG) M-346 Master kysymly uçary weýran boldy diýip Sky Ships neşiri habar berýär.

Prova3 jaň belgisi bolan harby uçar ýerli wagt bilen sagat 11-de Wareza-Wergono howa menzilinden uçupdyr.

Türkmenistanyň HHG-niň satyn alan harby uçarynyň içinde Italýaly tälim beriji uçarman we Britaniýaly uçarman bolupdyr.Sagat 11.35-de uçar bilen aragatnaşyk kesilipdir.Soňra anyklanmagyna görä, uçar Monte-Lenonedäki daglarda weýran bolupdyr.

Uçarmanlaryň ikiside tapylypdyr. Emma, britaniýaly uçarman aradan çykypdyr, italýaly bolsa, agyr ýaralanypdyr.

Şol weýran bolan bilen birlikde başga-da birnäçe harby uçary 2021-nji ýylda Türkmenistan Italýadan satyn alypdy. Soňra olary Türkmenistana ýetirdiler.Emma, goşmaça türgenleşik we döwrebaplaşdyrma üçin noýabrda yzyna Italiýa ýolladylar.

Türkmenistanda harby uçaryň 06 seriýa sany bar. Emma,uçar bu san bilen Italýada uçup bilmejekdigi üçin ony wagtlaýynça CSX55268 san bilen çalyşdylar diýip neşir ýazýar.

M-346 Master-Italýanyň Alenia Aermaççi şirketi we rusýanyň Ýakowlew adyndaky tejribe konstruksiýa edarasy bilen birlikde 2000-nji ýyllaryň başlarynda işlenip taýýarlanypdy.

Ol döwrebap reaktiw söweş uçarlary üçin uçarmanlary taýýarlaýar.The post Türkmenistanyň harby uçary Italýada weýran boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmentel 2022 halkara sergisi
Türkmentel—2022: Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasynyň taslamasyny meýilleşdirip başlady
Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar
SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşar’
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi