Türkmenistanyň halypa halk artisti Han Akyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli (1922-1998)

Türkmenistanyň halypa halk artisti Han Akyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli (1922-1998)

Türkmeniň saz sungaty äleminde öçmejek yz goýan meşhur sazanda belli halypa aýdym-saz söýerleriň kalbynda ýaşaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň taryhynda we halk hakydasynda orun alan halypalaryň ömri we döredijilik ýoly düýpli öwrenilýär. Şeýle halypalaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewdir.

Han Akyýew 1922-nji ýylyň 5-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Alaşa Çäçdepe obasynyň Hojalyk diýen ýerinde dünýä inýär.Han Akyýewleriň maşgalasynda sazyň gadyryny bilýärdiler.Onuň kakasy Aky aga hem aýdym-sazdan habarly adam bolupdyr.

Ol oglunyň saza bolan höwesiniň bardygyny wagtynda aňyp, ony bu ugrdan terbiýeläp ugraýar.Han ýedi ýaşa ýetende, daýysy Oraz Batyrowdan dutar çalmagy öwrenip başlaýar.Soňra ol, Ahaldan Murgaba göçüp baran meşhur Şükür bagşynyň şägirdi Durdymyrat Abyl bagşynyň şägirtliginde gezýär.

Han Akyýew ýaşap ýören bolsa bu ýyl 101 ýaşaýardy1940-njy ýylda Han Akyýewi Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň saz toparyna solist hem-de sazanda hökmünde işe çagyrýarlar. Ýöne oňa teatrda uzak işlemek miýesser etmeýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan H.Akyýew 1943-nji ýylda agyr ýaralanýar, bir ýyllap Moskwa hassahanasynda ýatýar. 1944-nji ýylyň ikinji ýarymynda uruş maýyby bolup, iline dolanýar.

Han Akyýew uruşdan soňky döwürde sazandalyk etmek bilen birlikde, umumy bilim berýän mekdepde mugallym bolup işleýär.Ol bu ugurdan öz bilimini ýokarlandyrmak üçin 1946-1948-nji ýyllarda Aşgabadyň Mugallymçylyk institutynyň filologiýa fakultetinde okuwyny dowam etdirýär.

60-njy ýyllar Han Akyýew Mary welaýatynyň Halk döredijilik öýünde hem-de Kemine adyndaky drama teatrynda işleýär. Şol wagtlar ol teatrda Hangeldi Annamyradow, Gaýgysyz Çaryýew, Rejepnur Jumamuhammedow ýaly zehinli ýaş aýdymçy-sazandalar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar.

Han Aky örän köp taraply adamdy.Onuň aýdym-sazyň piri Babagammara bagyşlap, dramaturg B.Gurbanow bilen ýazan adybir saz-sahna eseri döwlet derejesinde giçirilen “Älemgoşar” atly bäsleşikde birinji orna mynasyp bolýar.

H.Akyýew ussaçylyk hem edipdir.Ol ýasan senetlerini satlyga çykarman, diňe aýratyn hormat goýýan adamlaryna sowgat berer eken.Ussat sazandanyň ussahanasyndan çykan dutarlara ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gabat gelmek bolýar.

Han Akyýew 1964-nji ýylda oguljygy Gulbaba bilen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine gatnaşýar. Ongünlük döwründe berlen konsertlerinde ol halk sazlaryny ýekelikde ussatlarça ýerine ýetirýär.

Uly ýerine ýetirijilik we halypaçylyk ýoluny geçen H. Akyýew döreden aýdym-sazlary bilen halka öz ukybyny hem äşgär etdi. Muňa mysal hökmünde “Al-elwan güller”, “Saňa”, “Güller oýnaşar”, “Öz ilimiň bagşysy men” kimin aýdym-sazlaryny ýatlamak bolar.

Türkmensitanyň halk artisti diýen hormatly ada mynasyp bolan Han Akyýew 1998-nji ýylda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Gulbaba Akyýewi ýatlap
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi