Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingi ýokarlanýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna agentlik bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, halkara reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_6741c608d0eb8_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c608d0eb8_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty bolar
Wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynda kemçiliklere ýol berendigi üçin wezipesinden boşadyldy
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler
Türkmenistandaky sekiz taryhy ýadygärlikde uly arheologik işler geçirildi